Türkiýe Respublikasy arassa energiýanyň görnüşlerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen bu ugra gönükdirilen maýa goýumlaryny artdyrdy. Bu ugry ösdürmek üçin 1 milliard dollar möçberinde pul serişdeleri bölünip berler. Ýurduň energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň habar bermegine görä, alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanmak üçin bäsleşik yglan ediler. Ýel elektrik beketlerini gurmak üçin geçiriljek bäsleşiklere dünýäniň iri kompaniýalary gatnaşar.
Täze elektrik beketleri Türkiýäniň energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrar we bu ugurda beýleki ýurtlara garaşly bolmagy belli bir derejede azaldar. Energiýa ulgamyny ösdürmäge degişli taslamalar 3750 adamy täze iş orny bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Ýel elektrik beketleri ýurduň paýtagty Ankara şäheri bilen bir hatarda, Türkiýäniň 5 sebitinde gurlar.