23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Garaşsyzlyk – parahatlyk binýady» atly baýramçylyk sergisi geçiriler.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp guraljak sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan hemmetaraplaýyn üstünliklerine degişli bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň 200-e golaýy görkeziler.
Şeýle hem sergide 2023-nji ýylyň 15–21-nji awgust aralygynda Lebap welaýatynda geçirilen «Suratkeşleriň döredijilik duşuşygynda» döredilen eserleri hem görkeziler.
Sergi 16:00-da açylýar.