Miweli agajyň bir görnüşi bolan şetdaly, esasan, yssy sebitlerde ösýär. Şetdalynyň ata Watany Hytaý hasaplanýar. Hytaýdan tutuş Aziýa sebitine ýaýramagy bilen bu miwe köpçülikleýin tanalyp başlanýar. Şeýlelikde, şetdaly Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen ilki Ortaýer deňziniň kenarlaryna, soňra Ýewropa döwletlerine we ABŞ-a baryp ýetýär. Şetdaly ösdürilip ýetişdirilişine aýratyn üns berilýän miweli agaçlaryň biri bolup, bu ugurda Hytaý, Italiýa, Ispaniýa we ABŞ esasy öndürijiler hasaplanýar.
Bägül güllüler maşgalasyna degişli bolan bu agajyň boýy ortaça 6,5 metre ýetýär. Onuň uzyndan uçly, ýalpyldawuk ýapraklary bolýar. Owadan gülgüne gülleri bilen tanalýan şetdaly mör-möjekleri özüne çekmek üçin baldagyndan şire bölüp çykarýar. Bu agajyň miwesi tomus we güýz aýlarynda ýetişýär. Ýeke şänikli miwesiniň daşy tüýli we tüýsüz bolup, ak, sary we gyzyl şetdaly ýaly görnüşlere bölünýär. Soňky ýyllarda bu miwäniň müňlerçe sorty işlenip düzüldi. Şetdaly etli we suwly miwe bolup, birnäçe witamini özünde saklaýar. Şetdaly adam saglygyna peýdalydygy bilen gadym döwürlerden bäri meşhurdyr.
Immuniteti güýçlendirýär. Şetdaly immuniteti berkitmäge ýardam edýän antioksidantlary özünde jemleýär. Düzümindäki C we E witamini bedeniň goraglylygyny güýçlendirip, kesellere garşy göreşmäge goşant goşýar.
Iýmit siňdirişi aňsatlaşdyrýar. Şetdalynyň düzümindäki A, B3, C witaminleri, foliý turşusy, beta-karotin we kaliý iýmit siňdirişi aňsatlaşdyrýar. Doýgun ýag bolmandygy sebäpli bu miwe aşgazanda gyjynma döretmeýär. Şetdaly içgeçmäni bejermekde peýdaly bolup, iýmit siňdiriş bozulmalarynyň öňüni alýar.
Ýüregi goraýar. Ýürek saglygyny goramagyň iň möhüm şertleriniň biri süýüme baý önümleri iýmekdir. Şetdalyda ýeterlik derejede süýüm saklanyp, ýokary gan basyşyna we holesteriniň derejesine oňyn täsir edýär.
Derini gözelleşdirýär. C witamine baý bu miwe derini ýokançlyklardan we zyýanly şöhlelerden goraýar. Menekleri we deridäki yzlary aýyrmaga ýardam edýär.
Görşi güýçlendirýär. Şetdalyda saklanýan A witamini süňkler we dişler üçin peýdaly bolmak bilen bir hatarda, gijeki görşi hem gowulandyrýar. Bu miwe yzygiderli iýlende görüş bilen bagly kynçylyklary aradan aýryp bolýar.
Içegeleri işjeňleşdirýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, şetdaly süýüme baýdygy sebäpli içegeleri herekete getirýär. Şeýle hem gandaky şekeriň derejesini deňagramly saklamak bilen çalt ajykmagyň öňüni alýar.
Ganazlygyň öňüni almaga kömek edýär. Ganazlyk bedendäki gyzyl gan öýjükleriniň öndürilişiniň azalandygyny görkezýän alamat bolup, demir ýetmezçiliginde ýüze çykýar. Şetdaly ganazlygyň öňüni almakda peýdaly bolup, bedende demriň siňmegini ýokarlandyrýar.