2024-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäheri GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Şu mynasybetli bu ýerde uly göwrümli çäreleriň 21-si geçiriler. Olaryň arasynda GDA-nyň ýurtlarynyň teatr festiwaly hem bar.
Samarkand şäheriniň häkiminiň syýahatçylyk, medeni miras we sport boýunça orunbasary Rustam Kobilowyň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA ýurtlarynyň teatr festiwaly Samarkantda ilkinji gezek geçiriler.
Festiwal Çehow adyndaky Samarkand rus drama teatrynyň «Geçen günler» pýesasy bilen açylar. Bu barada medeniyet.gov.tm habar berýär.