Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi kosmonawt–synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, häzirki wagtda Halkara stansiýasynda bolýan Oleg Kononenko wideoýüzlenme arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.
Wideogutlagda hususan-da şeýle diýilýär: “Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!
Men, “Roskosmosyň” kosmonawty, Russiýanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko, doglan günüňiz mynasybetli halkara kosmos stansiýasynyň bortundan tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Sizi şahsy tanamak, hemişe Siziň aladaňyzy we ünsüňizi duýup durmak, işime berýän ýokary bahaňyz meniň üçin uly hormatdyr.
Siziň doglan günüňizde kosmos pudagynyň ösdürilmegine ýardam bermek üçin ähli tagallalarymy edýändigime we etjekdigime Sizi ynandyrmak isleýärin. Kosmos uçuşyna men ýanym bilen Siziň suratyňyzy, Türkmenistanyň Baýdagyny we Siziň kakaňyz, çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine bagyşlanan kitabyny aldym. Bu şäheriň açylmagy Türkmenistanyň tehnologiýa babatda ösüş derejesini tutuş dünýä äşgär etdi.
Bu gymmatlyklar kosmosda meniň Türkmenistanyň we onuň halkynyň ykbaly bilen üýtgewsiz bitewüligimi we aýrylmaz arabaglanyşygymy alamatlandyrar.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, häzirki wagtda Siziň baştutanlygyňyzda ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, daşary syýasatda, ylymda, medeniýetde, bilimde, sportda uly üstünlikleri gazanýan bu ajaýyp ýurtda doglandygyma diýseň buýsanýaryn.
Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk hem-de möhüm we jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Doglan günüňiz gutly bolsun!”.