Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň «Mi­ras» mo­del­ler öýü­niň web sa­hy­pa­sy açyl­dy. Ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len ma­ta­lar­dan dok­ma önüm­le­ri­ni hö­dür­le­ýän mo­del­ler öýü­niň dö­re­di­le­ni­ne şu ýyl 24 ýyl dol­ýar. In­di her ýyl Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan sergide «Mi­ras» mo­del­ler öýü­niň tä­ze ly­bas­larynyň tanyşdyrylyşy däbe öwrüldi. Ene-ata­la­ry­myz­dan şu gün­le­re çen­li sak­la­nyp ga­lan baý mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­ma­gy we ola­ryň esa­syn­da iň go­wy hä­zir­ki za­man önüm­le­ri­ni dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýän mo­del­le­riň öýü­niň taý­ýar­la­ýan egin-eşik­le­rin­de mil­li na­gyş­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
As­lyn­da, Mo­del­ler öýi Türk­me­nis­tan SSR-niň Halk ho­ja­lyk ge­ňe­şi­niň 1961-nji ýy­lyň 20-nji mar­tyn­da­ky Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­rul­dy. Şol ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­dan iş­gär sa­ny kö­pel­di­lip, önüm­çi­lik we­zi­pe­le­ri­ne gi­ri­şil­ýär. Şon­dan soň­ra Mo­del­ler öýü­niň alyp bar­ýan işi has hem gi­ňäp, ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýet­ýär.
1999-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Mo­del­ler öýi dö­re­dil­ýär. Ol döw­let eda­ra­sy bo­lup, ýur­du­myz­da egin-eşik­le­ri mo­de­lir­le­mek we taý­ýar­la­mak ba­bat­da mil­li, dün­ýä tej­ri­be­si­ni ut­gaş­dyr­ýar.
Aş­ga­bat Mo­del­ler öýün­de döw­re­bap er­kek, ze­nan we ça­ga egin-eşik­le­ri, şeý­le hem ak­se­su­ar­la­ry ön­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu önüm­le­re bo­lan is­leg has art­ýar. Kär­ha­na­nyň iş­le­ri­niň gör­nüş­le­ri de­ri­den ön­dü­ri­len egin-eşik­ler­den, beý­le­ki daş­ky eşik­ler­den, kel­lä ge­ýil­ýän baş­gap­lar­dan we ş.m. yba­rat­dyr. Şeý­le hem tri­ko­taž, tüý­li de­ri we ba­ga­na önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lan. Bu ýer­de sow­gat­lyk önüm­ler we sa­çak­lar hem taý­ýar­lan­ýar.