Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­dä­ki eden çy­ky­şyn­da şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,2% möç­ber­de dur­nuk­ly sak­lan­ýan­dy­gy bel­le­di.
«Dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş bi­ziň uzak­möh­let­le­ýin stra­te­gi­ýa­my­zyň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­ny gur­şap al­ýan mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy hem-de öz­gert­me­le­ri­mi­zi üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýa­rys» – di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, döw­let ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem-de iş­jeň­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur iş­le­ri alyp ba­ryl­ýar şeý­le hem gaý­ta­dan iş­le­ýän we önüm ön­dür­ýän se­na­gat pu­dak­la­ry­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar.
«Mak­sat­na­ma­la­ýyn al­nyp bar­lan bu iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,2 % möç­ber­de dur­nuk­ly sak­lan­ýar. Bu bol­sa, ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň oý­la­ny­şyk­ly hä­si­ýe­ti­ni gör­kez­ýär» – di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.