Dünýäniň öňdebaryjy 6 marafonynyň biri bolan Berlin marafony 49-njy gezek geçirildi. Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen marafonda zenanlaryň arasynda dünýä rekordy täzelendi. Efiopiýaly 29 ýaşyndaky ýeňil atletikaçy Tigit Assefa 2 sagat 11 minut 53 sekuntda pellehana gelip, dünýä rekordyny goýdy. Ol keniýaly Brigid Kosgeiniň 2019-njy ýylda Çikago marafonynda goýan rekordyndan 2 minutdan hem gowrak derejede ösdürmegi başardy. Assefa geçen ýyl hem Berlinde ýeňiş gazanypdy. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda keniýaly Şeila Çepkirui 2-nji, tanzaniýaly Magdalena Şauri 3-nji orna mynasyp boldy.
Erkekleriň arasynda 38 ýaşyndaky keniýaly türgen, Olimpiýa oýunlarynyň 2 gezek çempiony Eliud Kipçoge hemmeden öň pellehana geldi. Onuň görkezen netijesi 2 sagat 02 minut 42 sekunda deň boldy. Berlinde bassyr 2-nji, umumylykda 4-nji çempionlygyny gazanan Kipçoge Uly marafon ýaryşlarynda 11-nji gezek ýeňiji bolmagy başardy. Geçen ýyl Berlinde erkekleriň arasynda dünýä rekordyny goýan Kipçogeden 31 sekunt yza galan watandaşy Winsen Kipkemoi 2-nji, efiopiýaly Tadese Takele 3-nji ýeri eýeledi.