Şu gün, 25-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­syn­da «Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ha­bar­lar gi­ňiş­li­gin­de» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra fo­ru­ma Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, ga­zet-žur­nal­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­myz­da akk­re­di­tir­le­nen žur­na­list­ler, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar.

Hal­ka­ra mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, da­şa­ry ýurt­ly met­bu­gat eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ry diň­le­nil­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň baý ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti, dür­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ber­ýän wi­deo­ro­lik gör­ke­zil­di.
Çy­kyş­lar­da ýur­du­myz­da tä­ze ha­bar­lar por­tal­la­ry­nyň açyl­ýan­dy­gy, türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň ýaş­la­ra, mi­ra­sa, spor­ta… ni­ýet­le­nen te­le­ýaý­lym­la­ryň bar­dy­gy, tä­ze “Ar­ka­dag” te­le­ýaý­ly­my­nyň we ga­ze­ti­niň dö­re­di­len­di­gi, ýur­du­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň dür­li dil­ler­de dün­ýä­niň beý­le­ki halk­la­ry­nyň to­ma­şa­çy­la­ry­na ýe­ti­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şeý­le-de bu ugur­da iş alyp bar­ýan hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň has-da art­dy­ryl­ýan­dy­gy aý­dyl­dy. Mun­dan baş­ga-da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ha­bar­lar gi­ňiş­li­gin­de eýe­le­ýän my­na­syp or­ny, türk­men žur­na­list­le­ri­niň iş­le­mek­le­ri, ýur­duň tä­ze­lik­le­ri­ni, ösüş­le­ri­ni dün­ýä ýaý­mak­la­ry üçin dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di.