25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ählihalk baýramyna — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň ýokary ynsanperwer däplere we adamkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
22-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 32 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 13 döwletiň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 265-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.
Pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar hormatly Prezidentimize raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynda, şol sanda raýatlygy bolmadyk adamlary hem-de migrantlary durmuş taýdan goramak we olara deň mümkinçilikleri bermek meselelerini çözmekde halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda netijeli işleri alyp barýandygy nygtaldy.
Ýeri gelende belläp geçsek ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 29 müň 697 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 4 müň 753 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.