25-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne uly şah­sy go­şant go­şan halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iň go­wy iş­gär­le­ri­ni, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­ny, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, ola­ryň dü­züm­le­ýin gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni, zäh­met we­te­ran­la­ry­ny sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Per­man­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li döw­le­ti­mi­ziň we hal­ky­my­zyň öňün­de bi­ti­ren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak­da we baý­laş­dyr­mak­da köp­ýyl­lyk ha­lal zäh­me­ti, ýo­ka­ry hü­när us­sat­lyk­la­ry üçin il­deş­le­ri­mi­ziň bir­nä­çe­si “Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­na bo­lan be­ýik söý­gü­si üçin” or­de­ni, “Gaý­rat”, “Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin” me­dal­la­ry bi­len sy­lag­la­nyp, hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Döw­let sy­lag­la­ry­nyň we hor­mat­ly at­la­ryň da­ba­ra­ly gow­şu­ryl­ma­gy Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de tej­ri­be­si­ni, bi­li­mi­ni hem-de ukyp-ba­şar­ny­gy­ny Wa­ta­ny­my­za hyz­mat et­mä­ge ba­gyş­lan öz işi­niň us­sat­la­ry­na ýur­du­myz­da aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mak­sa­da ok­gun­ly, ze­hin­li, öz bor­ju­na we­pa­ly, wa­tan­sö­ýü­ji şah­sy­ýet­ler ýaş ne­sil­ler üçin nus­ga­lyk­dyr.
Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da, ýaş ne­sil­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ra, däp-des­sur­la­ra, ta­ry­hy mi­ra­sa hor­mat goý­mak, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, eder­men­lik, mert­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de, bi­lim ber­mek­de bi­ti­ren uly hyz­mat­la­ry üçin “Ze­nan kal­by” or­de­ni­ne my­na­syp bo­lan ze­nan­la­ryň hem-de “Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy” di­ýen hor­mat­ly at da­ky­lan ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri­niň go­şan­dy aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça da­ba­ra­la­ra Mej­li­siň we­kil­le­ri, Hö­kü­met ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar ýyg­na­nan­la­ry ýe­tip gel­ýän be­ýik baý­ram — ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len mä­hir­li gut­la­dy­lar hem-de bag­ty­ýar­lyk, ro­waç­lyk, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze sep­git­le­ri, dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di­ler.
Çä­rä gat­na­şy­jy­lar my­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­ny buý­sanç duý­gu­sy we tol­gun­ma bi­len ka­bul edip, çe­ken zäh­met­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ren­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
***
Şol gün paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly at­la­ry­na my­na­syp bo­lan dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni, ede­bi­ýat, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň hem-de ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy hem ge­çi­ril­di.
Her ýyl ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­nyň — Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­ni döw­let de­re­je­sin­de sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­me­gi Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ösü­şi­ne dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň goş­ýan go­şan­dy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­dyň şöh­le­len­dir­mek bi­len, aý­ra­tyn baý­ram­çy­lyk şat­ly­gy­ny ba­gyş­la­ýar.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne hem-de “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne ibe­ren Gut­la­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýe­ňi­ji­le­ri şu gün­ki wa­ka we ýe­tip gel­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len mü­bä­rek­läp, Gut­la­gyn­da: “Ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň döw­re­bap ösüş­le­ri bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zy be­lent mak­sat­la­ra ruh­lan­dyr­mak­da, me­de­ni-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak­da, hal­ky­my­zyň ru­hy bi­te­wü­li­gi­ni üp­jün et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar” di­ýip nyg­ta­dy.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da Per­man­la­ry we “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak ha­kyn­da Ka­ra­ry okal­dy. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri, aý­dym-saz to­par­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şa­hyr­lar we ýa­zy­jy­lar, aý­dym­çy­lar, sa­zan­da­lar, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri we beý­le­ki­ler dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge, hü­när de­re­je­si­ni ös­dür­mä­ge dö­re­di­len şert­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na Ýüz­len­me ka­bul edip, öz­le­ri­niň zäh­met­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha we ýa­daw­syz üns-ala­da­la­ry üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler we mun­dan beý­läk-de eziz Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne äh­li güýç­le­ri­ni, bi­lim­le­ri­ni, tej­ri­be­le­ri­ni, us­sat­lyk­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.