Türkmen bedewleriniň hakyky janköýeri hem-de hak hossary bolan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, türkmeniň seýisçilik sungatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, behişdi bedewlerimiziň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny bütin dünýä ýaýmak, ahalteke tohum atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde halkara derejesinde atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň baş şäheri, Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat şäherimizde-de halkara derejesinde atçylyk sport toplumlary hereket edýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan atçylyk sportuny ösdürmegi işjeňleşdirmäge, milli at üstündäki oýunlaryň dikeldilmegine berilýän ägirt uly ünse şaýatlyk edýär.
Gazetimiziň şu sanynda şol atçylyk sport toplumlary barada gysgaça durup geçmegi makul bildik.
Halkara atçylyk sport toplumy
Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde 2011-nji ýylda döwrebap halkara derejesindäki atçylyk sport toplumy ulanmaga berildi. Ol her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çäreleriň geçirilýän esasy ýerine öwrüldi.
92,4 gektardan gowrak meýdany bolan uly atçylyk-sport toplumynda tomaşaçylar üçin niýetlenen 7 müň orunlyk münberleriniň ýanynda Oguzhanyň ýyldyzynyň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär, onuň ortasynda 6 sany bedewiň heýkelleri goýlupdyr. Suw çüwdüriminiň çep tarapynda 5 welaýat we Aşgabat şäheri üçin ak öýler görnüşindäki binalar gurlupdyr. Onuň birinji gatynda dolandyryş, hojalyk we edara binalary ýerleşýär. Ikinji gatda kafe we ložalar, üçünji gatda 52 orunlyk myhmanhana we CIP münber, dördünji gatda Türkmenistanyň Prezidentiniň VIP münberi ýerleşýär. Tomşaçylar üçin münberleriň çep tarapynda 500 orunlyk sirkiň jaýy, şeýle hem atçylyk-sport oýunlary geçirilýän we 800 orunlyk, ýaryş geçirilýän üsti açyk we ýapyk görnüşdäki meýdançaly bina bar. Toplumyň seýilgäh zolagynyň sag tarapynda 500 orunlyk restoran, üsti açyk kafeterileriň ýedisi, amfiteatr, şeýle hem çagalar üçin akwapark ýerleşýär.
Atçylyk-sport toplumynyň hojalyk bölüminde athanalaryň onusy, çapyksuwarlar we seýisler üçin öýleriň bäşisi, 20 at üçin karantin bölümi, weterinar barlaghanasy, laboratoriýasy, atlar üçin türgenleşik basseýn, 80 sany aty çapyşyga taýarlamak üçin bölüm, tehnika larüçin garaž, ussahana, demir ussahanasy, bede goýmak üçin iki sany we konsentrirlenen iým goýmak üçin bir ammar bar.
Täze atçylyk toplumy
Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda atçylyk sungatynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga, ganatly bedewlerimiziň baş sanyny köpeltmäge saldamly goşant goşjak ýene-de bir ägirt uly atçylyk toplumy guruldy. Köpetdagyň ajaýyp eteginde 600 baş ahalteke tohum atlaryna niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň, 114 maşgala üçin 2 gatly, iki öýli 57 sany ýaşaýyş jaýy, 240 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 2 sany dükany, sport we çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary bolan ägirt uly ýaşaýyş-durmuş desgasy gurlup ulanmaga berildi.
Toplum döwrüň ruhuna we atçylyk ylmy-barlag merkeziniň talabyna laýyk derejede dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy.
Balkan atçylyk sport toplumy
Balkanabat şäheriniň günbatarynda ýerleşýän atçylyk sport toplumy 2011-nji ýylyň 24-nji aprelinde ulanmaga berildi. Onuň umumy tutýan meýdany 49 gektara barabar bolup, uly çapuw ýodasynyň uzynlygy 1600 metre, kiçi çapuw ýodasynyň uzynlygy 1400 metre barabardyr. Bu ýerde 3 müň janköýere at çapyşygyna tomaşa etmäge mümkinçilik döredilen. Atçylyk toplumynda 4 sany athana bolup, olaryň her birinde 59 sany aty saklamaga şert döredilipdir. Toplumda 20 orunlyk myhmanhana bolup, onda at çapyşygyna tomaşa etmäge gelen myhmanlaryň göwnejaý dynç almagyna doly mümkinçilik bar.
Daşoguz atçylyk sport toplumy
2011-nji ýylyň 24-nji aprelinde ulanmaga berlen we Daşoguz şäheriniň günorta-günbatarynda, gadymy ekerançylyk ýerleriniň ýakasynda gurlan toplum 52 gektara barabar bolup, 3 müň tomaşaça niýetlenendir. Onuň çapuw ýodasynyň aýlawynyň meýdany 12 gektara, uzynlygy 1600 metre deňdir. Toplumda 4 sany athana bolup, onda 200 aty saklamaga mümkinçilik bar.
Şeýle hem onda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän at janköýerleriniň medeniýetli dynç almaklary üçin niýetlenen 22 orunlyk 11 sany otagdan ybarat myhmanhana, seýisler we çapyksuwarlar üçin bolsa 32 orunlyk 8 otagly ýaşaýyş jaýy bar.
Lebap atçylyk sport toplumy
Türkmenabat-Mary-Aşgabat gara ýolunyň ugrunda gurlup, 2011-nji ýylyň 24-nji aprelinde ulanmaga berlen atçylyk toplumy 50 gektarda ýerleşip, onuň çapuw ýodasynyň uzynlygy 1800 metre deňdir. 3 müň orunlyk tribunasy bolan toplumda 20 orunlyk myhmanhana, 200 sany aty saklamaga niýetlenen 4 sany athana bar. Onda tälimçiler we nobatçylar üçin aýratyn otaglar, naharhana, dynç alyş otaglary, şeýle hem seýisler we çapyksuwarlar ýaşar ýaly jaýlar bar.
Mary atçylyk sport toplumy
Gadymy Mary topragynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlary üçin niýetlenen atçylyk sport toplumynyň umumy meýdany 31 gektara barabar bolup, çapuw ýodasynyň uzynlygy 1600 metr, türgenleşik meýdanynyň uzynlygy 1400 metre deňdir. Atçylyk toplumynyň hojalyk bölüminde 200 aty saklamaga niýetlenen athana, olardan daşary 80 aty çapuwa taýýarlamak we 20 aty karantin gözegçiliginde saklamak üçin ýörite ýerler bar. Toplumyň 30 orunlyk myhmanhanasy bolup, ol bu ýere daşary ýurtlardan we ýurdumyzyň dürli künjeginden gelýän at muşdaklaryna medeniýetli dynç almaklary üçin niýetlenendir. Mundan başga-da seýisler we çapuksuwarlar ýaşar ýaly 16 orunlyk ýaşaýyş jaýy bar.