Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Geçen döwürde ýurdumyz ÝUNESKO we onuň degişli komitetleri, ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edip, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, aragatnaşyk we maglumat ugurlary boýunça baý tejribe toplady. Birleşen Milletler Guramasyndan şu baýramçylyk günlerinde şatlykly habar gelip gowuşdy.
Şu ýylyň 10–25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan – Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalarynyň bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi.
Şunuň bilen birlikde, «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we täsin ekoulgamyny aýawly saklamakda amala aşyrýan işleriniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
«Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnama ekologik we biologik prosesleriň yzygiderli nusgasy bolmak bilen, daşky gurşawyň şertleriniň üýtgemeginde dürli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň uýgunlaşmagyny we ýaşamagyny kesgitleýändigi bellendi. Bu ýerleriň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi global derejede ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlaryň we ösümlikleriň ähli görnüşlerini has gowy gorap saklamak üçin ýurtlaryň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge mümkinçilik berer.
«Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan – Garagum geçelgesi» atly hödürnama bolsa, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda ýerleşýän 31 sany ýadygärligi özünde jemleýän transmilli hödürnama biziň eramyzdan öň II asyrdan biziň eramyzyň XVI asyryna çenli ýüpek ýolunyň bu böleginde binagärlik we tehnologiýa, monumental sungat we şäher gurluşygy boýunça ajaýyp üstünlikleri görkezýär. Bu çäkde orta asyr şäherleri we Sogdian sungat eserleri, zoroastrizmiň, hristiançylygyň we yslamyň Merkezi Aziýa täsirini görkezýän binagärlik ýadygärlikleri şekillendirilýär.
Halkara bilim giňişliginde Birleşen Milletler Guramasy hem-de bu guramanyň iri düzümleri bolan Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýaýrawynyň we ugurlarynyň giňeldilmegine hem möhüm orun berilýär. Türkmenistan çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat-hukuk jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy.
2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň UNITWIN halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy, 6 sany orta mekdebiň bu guramanyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýaýrawynyň yzygiderli giňelýändiginiň hem-de milli mirasymyzyň halkara derejesinde dabaralandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gülöwser ANNAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.