Häzirki wagtda Günorta ýarym şarda, şol sanda Antarktikada gyş tamamlanyp, baharyň ilkinji aýy ahyrlap barýar. Muňa garamazdan, sebitiň buz örtüginiň ozalky ýyllardakydan has kiçi derejä ýetendigi mälim edildi. ABŞ-nyň Milli gar we buz maglumat merkezi (NSIDC) emeli hemralar arkaly sebiti surata aldy. Toplanan maglumatda buzuň şu möwsümdäki iň pes derejä ýetendigini görmek bolýar. Adatça häzirki wagtda Antarktikada buzuň tutýan meýdany iň köp derejede bolmaly. Emma maglumatlar 1979-njy ýyldan bäri buz örtüginiň iň kiçi derejä ýetendigini görkezýär. Buz gatlagynyň iň köp ýer gaplaýan güni bolan 10-njy sentýabrda onuň tutýan meýdany 16,96 million inedördül kilometre ýetipdir.
Mundan ozal şu möwsümdäki iň pes dereje 1986-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şu ýylky görkezijiniň 1986-njy ýyldakydan bir million inedördül kilometr azdygy habar berildi. Şeýlelikde, iki ölçegiň arasyndaky tapawut bolan bir million inedördül kilometr Müsüriň tutýan meýdanyna deň.
Adatça Günorta polýusyň daş-töweregini gaplaýan buz örtügi ýylyň yssy möwsüminde eräp, gyşyna gaýtadan doňýar. Bu tebigy hadysa her ýyl gaýtalanýar. Emma alymlar Antarktikanyň töweregini gaplaýan deňiz buzunyň tomus paslynda eränden soňra gaýtadan öňki durkuna gelmändigini belleýärler. Geçen tomusda hem yklymyň buzly meýdany taryhdaky iň pes derejä ýetipdi.
Buz gatlagynyň deňizdäki böleginiň eremegi bilen deňziň suw derejesi beýgelmeýär. Emma şeýle-de bolsa buz gatlagynyň tutýan meýdanynyň azalmagy pingwinler, yklymda gyşlaýan guşlar we deňiz jandarlarynyň ýaşaýşyna täsir edýär.