Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýew­ro­pa ug­ru­nyň Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gün ter­ti­bin­de mö­hüm orun eýe­län­di­gi­ni aýt­dy. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry­nyň we Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň du­şu­şy­gyn­da­ky çy­ky­şyn­da bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň aý­dy­şy ýa­ly, ener­ge­ti­ka Türk­me­nis­tan üçin hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr, onuň dü­zü­min­de gaz we elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­dak­la­ry mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, şun­da ýur­du­myz gaz çy­kar­mak bo­ýun­ça kuw­wat­lyk­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy­na, kö­pu­gur­ly gaz ulag dü­zü­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär we mu­nuň özi türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň dün­ýä ba­zar­la­ry­na ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
«Ýew­ro­pa ug­ru­nyň Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gün ter­ti­bin­de mö­hüm orun eýe­län­di­gi­ni we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar üs­ti gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak ar­ka­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na gaz iber­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän üýt­gew­siz ga­raý­şy­ny tas­syk­la­ýa­ryn» – di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri bel­le­di.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň aý­dy­şy ýa­ly, soň­ky 15 ýy­lyň do­wa­myn­da köp iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­dik, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy.
«Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri, Ýew­ro­pa­nyň aý­ry-aý­ry döw­let­le­ri hem-de kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len iri hal­ka­ra ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­mä­ge taý­ýar­dy­rys» – di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.