28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler.
Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Eýranyň Gülüstan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ulag, ýükleri üstaşyr geçirmek, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.