29-njy sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa Is­pa­ni­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Mar­kos Go­mes Mar­ti­nes­den ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di.
Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan dip­lo­ma­ty jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, oňa iki ýur­duň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Il­çi hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa Is­pa­ni­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de tu­tuş türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Özü­ne yna­ny­lan mö­hüm we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len, dip­lo­mat öz ta­ra­pyn­dan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ne ýa­kyn­dan ýar­dam et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da je­nap Mar­kos Go­mes Mar­ti­ne­se Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ni, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li mil­li mak­sat­na­ma­lar we top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ba­ra­da gür­rüň be­ril­di. Dip­lo­mat oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len hem ta­nyş­dy­ryl­dy.
Hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry we me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Is­pa­ni­ýa­nyň iki­ta­rap­la­ýyn, köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, ýur­du­my­zyň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de, şeý­le hem beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry tas­syk­la­nyl­dy.
Dip­lo­mat Mej­li­siň dü­zü­mi we onuň ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan kö­pu­gur­ly iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly­dy­gy bel­le­nil­di.