Rim metrosynyň üçünji liniýasynyň gurluşyk işleriniň barşynda işçiler biziň eýýamymyzyň II-III asyrlary bilen senelenilýän agaç jaýyň üstünden bardylar. Jaýyň iki otagy ol ýerde bolan ýangyn zerarly biziň günlerimize çenli abat saklanyp galypdyr. Çünki agaç amatly klimat şertlerinde ýa-da Wezuwiýa wulkanynyň atylmagy netijesinde, Pompeýi we Gerkulanum weýrançylyklarynda bolşy ýaly uzak wagtlap saklanyp bilýär. Şeýle hem bu jaýdan birnäçe stol we oturgyç tapdylar. Bulardan başga-da, ol ýerden haýwan ystyhanlaryny ýüze çykardylar. Şonuň ýaly hem gara-ak mozaika goýlan diwaryň ýüzüne çekilen nagyşlar hünärmenleriň ünsüni aýratyn özüne çekdi.