2-nji okt­ýabr­da Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da ýaş­la­ryň dün­ýä­de dur­nuk­ly gel­je­gi gur­mak ug­run­da art­ýan or­nu­na ba­gyş­la­nyp, «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly hal­ka­ra ýaş­lar fo­ru­my ge­çi­ril­di.
Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de gu­ra­lan köp­ta­rap­la­ýyn fo­ru­ma Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ul­ga­myn­da­ky jo­gap­kär ýol­baş­çy­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Li­wi­ýa­dan, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan ýaş­lar, şeý­le hem BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň we agent­lik­le­ri­niň, şol san­da BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň, Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň, Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň we Ilat gaz­na­sy­nyň iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.
Türk­men ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra fo­ru­ma Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ýaş ag­za­la­ry, paý­tag­ty­myz­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, şol san­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar fo­ru­myň öňü­sy­ra­syn­da Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň giň eý­wa­nyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny we onuň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny şöh­le­len­dir­ýän ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy­lar.
Şu ge­zek­ki çä­re Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň «Ýaş­lar — 2030» stra­te­gi­ýa­sy­nyň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­mek bi­len, ol dür­li me­de­ni­ýet­le­re, se­bit­le­re, ga­ra­ýyş­la­ra we­kil­çi­lik ed­ýän ýaş­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li dia­lo­gy ös­dür­mä­ge, pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly da­wa­la­ryň öňü­ni al­mak we çöz­mek işin­de ýaş­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Fo­ru­myň işi «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na ýaş­la­ryň baş­lan­gyç­la­ry: pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­muş je­bis­li­gi­ni üp­jün ed­ýän üs­tün­lik­li tas­la­ma­lar we baş­lan­gyç­lar»; «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi: eko­lo­gi­ýa dur­nuk­ly­ly­gy bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­ret­me­giň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şyk»; «San­ly dip­lo­ma­ti­ýa we pa­ra­hat­çy­ly­gy ýo­la goý­mak: pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­ret­mek bo­ýun­ça oňyn ta­gal­la­la­ry üçin teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we dur­muş tor­la­ry­ny peý­da­lan­mak»; «Me­de­ni­ýet we sun­gat ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy iler­let­mek: Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýaş­la­ryň ses­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­mek» at­ly dört bö­lü­miň çä­gin­de do­wam et­di.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da fo­ru­myň çäk­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ýaş­lar dia­lo­gy­ny esas­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mej­lis ge­çi­ril­di. Onuň işi­ne se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň — Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça eda­ra­la­ry­nyň jo­gap­kär we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da dia­lo­gyň gol­da­nyl­ma­gy üçin şeý­le for­ma­tyň dö­re­dil­me­gi­niň hem-de äh­lu­mu­my bäh­bit­le­riň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de iler­le­dil­me­gi üçin se­bi­tiň ýaş­la­ry­nyň güý­jü­ni bir ýe­re jem­le­ýän gur­şa­wyň eme­le ge­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
«Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly fo­ru­myň jem­le­ri­niň Ýaş­lar gu­ra­ma­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­jak­dy­gy­na we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bu ýe­re ýyg­na­nan­lar Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne, ýaş­la­ryň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len köp­ta­rap­ly ta­gal­la­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Fo­rum ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ýaş­lar dia­lo­gy­nyň Äht­na­ma­sy­na gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.