Hy­taý soň­ky ýyl­lar­da ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir ýol ul­ga­my­nyň müň­ler­çe ki­lo­met­ri­ni gu­rup, ulan­ma­ga ber­di. Ýurt de­mir ýol­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly de­mir ýol ulag­la­ry­nyň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gyn­da we önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Ýurt­da ýe­ne bir şä­he­ra­ra de­mir ýo­ly gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. Taý­wan bo­ga­zy­nyň gün­ba­tar ke­na­ryn­da açy­lan ýo­luň uzyn­ly­gy 270 ki­lo­met­re ýet­ýär. Ýo­luň 20 ki­lo­met­re ba­ra­bar bö­le­gi de­ňiz aý­la­gyn­da­ky köp­rü­le­riň üs­tün­den geç­ýär. Fuç­žou-Sýa­men-Çžan­žou ara­ly­gyn­da gur­lan ýol­dan gat­na­ýan ot­lu­lar sa­gat­da 350 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär. Şeý­le­lik­de, mun­dan ozal ot­ly bi­len dört sa­gat­dan gow­rak wagt­da ge­çil­ýän ara­lyk in­di ba­ry-ýo­gy 55 mi­nut­da ge­çi­ler. Bi­ler­men­ler tä­ze de­mir ýol şa­ha­sy­nyň mer­ke­zi şä­he­ri Fuç­žou bo­lan Fusz­ýan we­la­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na oňyn tä­si­ri­niň bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Na­zar My­ra­dow, Türk­men döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.