Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha­da “Eks­po 2023” hal­ka­ra bagbançylyk ser­gi­si açyl­dy. “Has go­wy çöl, has go­wy daş­ky gur­şaw” şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny hem bar. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Ka­ta­ryň Emi­ri Ta­mim ibn Ha­mad Al Ta­ni, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Mu­ham­med ibn Za­id Al Na­haý­ýan, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Ji­bu­ti­niň Pre­zi­den­ti Is­ma­il Omar Gel­le, Tan­za­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Sa­mi­ýa Su­lu­hu Has­san, Yra­gyň hö­kü­met baş­ly­gy Mu­ham­med Şia As-Su­da­ni, Ýe­me­niň hö­kü­met baş­ly­gy Ma­in Ab­del Ma­lik, Ru­an­da­nyň hö­kü­met baş­ly­gy Eduar Ngi­ren­te we beý­le­ki bir­nä­çe ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar gat­naş­dy. Bu ýer­de çy­kyş eden Ka­ta­ryň hö­kü­met baş­ly­gy Mu­ham­med ibn Ab­dur­rah­man ibn Ja­sim Al Sa­ni ser­gi­niň dur­nuk­ly ösüş we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üçin müm­kin­çi­lik­di­gi­ni aýt­dy.