6–10-njy okt­ýabr­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Biş­kek şä­he­rin­de GDA ýurt­la­ry­nyň sa­zan­da­la­ry­nyň on ýe­din­ji ýaş­lar Del­fi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu oýun­la­ra il­kin­ji ge­zek türk­me­nis­tan­ly ýaş­lar hem gat­naş­ýar.
«Türk­me­nis­tan: Al­tyn asyr» web saý­ty­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Del­fi­ýa oýun­la­ry­na Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­dan Ýar­je­mal Ýag­şy­my­ra­do­wa (for­te­pia­no), Şa­is­lam Ko­mil­ja­now (for­te­pia­no), Eli­na Gur­ba­no­wa (skrip­ka), Seý­ran Ata­ny­ýa­zow (skrip­ka), Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­tyn­dan Aý­nur Otu­zo­wa (for­te­pia­no), Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Da­ňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bin­den Ars­lan Şa­ri­pow (ak­kor­de­on) gat­na­şar­lar. Stel­la Fa­ra­ma­zo­wa bol­sa bäs­le­şi­ge kon­sert­meýs­ter bo­lup gat­na­şar.
Bäs­le­şik iki tap­gyr­da ge­çi­ri­lip, onuň ne­ti­je­sin­de bol­sa to­par­la­ryň ga­za­nan bal­la­ry­nyň sa­ny­na gö­rä, ýe­ňi­ji­ler yg­lan edi­lip, ola­ra de­giş­li baý­rak­lar gow­şu­ry­lar.