Ýüze çykarylan ieroglifleriň ölçegleri ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň hem-de Belgiýanyň sungat we taryh boýunça Korol muzeýiniň işgärlerini geň galdyrdy. Ýazgylar takmynan, miladydan öň, III müňýyllyk bilen senelenilýär. Onuň ýaşy 5 müň ýyldan 5,2 müň ýyl aralygynda üýtgeýär. Gadymy ýazuwlar gadymy Müsür şäheri El-Kabdan ýüze çykaryldy.
Diwarda Faraonlaryň ýurdunyň has gadymy ýazuw ýadygärlikleri saklanyp galypdyr – has irki ieroglifler giçki döwürlerde giňden ýaýran ieroglifler bilen deňeşdireniňde, belli bir derejede iri eken. Müsüri öwreniji Jon Darnell bu aýratynlyklary nazara alyp, gadymy Müsür jemgyýetiniň özboluşly ýazuwynyň bolandygyny tassyklaýar. Arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan diwarda pil sürüsiniň ýönekeý şekili hem bar. Alymlaryň pikirine görä, bu şekil 4000-3500 ýyl mundan ozal çekilipdir. Arheologlar ýene-de bir paneli ýüze çykardylar. Onda bary-ýogy dört sany belgi şekillendirilip, olaryň ölçegi geň galdyrýar. Jedweliň beýikligi 0,7 metr, ieroglifleriň özi bolsa, ýarym metre barabar. Ýazgylar sagdan çepe okalýar.
Ieroglifler öküziň kellesini şekillendirýär we hatar ibisiň şekili – müsürlileriň mukaddes guşy bilen tamamlanýar. Deňeşdirmek üçin, mundan ozalky ýüze çykarylan bellikleriň beýikligi iki santimetrden köp däldi. Darnelliň pikirine görä, Müsür ýazuwy ozalky çak edilişinden has tiz ösüş ýoluny geçipdir.