Şu gün Bag­dat­da Yrak bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da Yra­gyň elekt­rik be­ket­le­ri­niň ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça te­bi­gy gaz iber­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çe­kil­di. Mu­ny Yra­gyň Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy mi­nistr­li­gi­ne sal­gy­la­nyp, INA res­mi ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­di.
Bu res­mi­na­ma Türk­me­nis­ta­nyň döw­let mi­nist­ri — «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy Mak­sat Ba­ba­ýew bi­len Yra­gyň elekt­rik mi­nist­ri Zi­ad Ali Fa­de­liň ara­syn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­den soň gol çe­kil­di.
Ha­bar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu gün «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy M.Ba­ba­ýew Yra­gyň ener­ge­ti­ka bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­ri, ne­bit mi­nist­ri Ha­ýan Ab­dul Ga­ni bi­len hem du­şuş­dy. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da ta­rap­lar gaz üp­jün­çi­li­gi pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
«Ne­bit mi­nist­ri «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy bi­len bo­lan du­şu­şy­gyn­da ne­bit-gaz we ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy. Yrak bi­len Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­lar­da uly müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Hö­kü­met we mi­nistr­lik Türk­me­nis­tan bi­len ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak is­le­ýär» diý­lip, Yra­gyň Ne­bit mi­nistr­li­gi­niň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar.
Du­şu­şyk­da Ab­dul Ga­ni öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çe­kil­me­gi­ni hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek üçin mö­hüm ädim ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy we türk­men kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny mi­nistr­lik ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len gel­je­gi uly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­na gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, şu ýy­lyň 24-nji aw­gust­ynda Yra­gyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Adil Ka­rim Kak Ah­me­diň we ne­bit mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ezat Sa­bir Es­mai­liň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet paý­tag­ty­myzda sa­par­da bo­lup, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, şeý­le-de türk­men ga­zy­ny Eý­ra­nyň üs­ti bi­len Yra­ga iber­mek bo­ýun­ça de­giş­li dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­ri ge­çi­rip­di­ler.