Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini durnukly ýagdaýda dowam edýär. Halkara Pul Gaznasynyň maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň 1-nji ýarymynda ösüş depgini 3,5 göterime deň boldy. Bu döwürde dünýä belli kompaniýalaryň hem girdejileri ýokarlandy. Olaryň sap girdejileriniň ösüş depgini görnetin artdy.
Hasabat döwründe dünýäniň iri awiagurluşyk kompaniýasy “Boeing”-iň arassa girdejisi 3,3 esse köpelip, 3,212 milliard dollara deň boldy. Amerikanyň farmasewtika kompaniýasy “Merck&Co” şereketi şu ýylyň 6 aýynda 3,507 milliard dollar sap girdeji gazandy. Kompaniýanyň girdejisiniň ýokarlanmagy onuň innowasion ylma has köp ähmiýet bermegi hem-de bu ugra köp maýa goýum goýmagy bilen baglanyşyklydyr. 1891-nji ýylda döredilen kompaniýa farmasewtika pudagyndaky iň gadymy şereketleriň biridir.
“Ford Motor” kompaniýasy 2017-nji ýylyň ikinji çärýeginde 2 milliard dollara golaý arassa girdeji gazandy. Şereketiň öndürýän az ýangyç ýakýan ýük ulaglaryna islegiň ýokary bolmagy girdejisiniň artmagyna getirdi.
Awtoulag öndüriji kompaniýalaryň öňdebaryjylaryndan “Daimler” kompaniýasynyň 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlaryndaky sap girdejisi 36,04 göterim artyp, 5,145 milliard ýewro deň boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, tutuş dünýäde ulaglara bildirilýän isleg ýene-de 1-2 göterim artar. Bassyr 8 ýyldan bäri bu görkezijidäki ösüş awtoulag kompaniýalarynyň belli bir derejede girdejisiniň ýokarlanmagyna getirýär.
Şeýle hem “Peugeot” şereketiniň girdejisi 1,26 milliard ýewro deňeçer bolan bolsa, “Fiat Chrysler” kompaniýasynyň arassa girdejisi 2,2 esse artyp, 1,796 milliard ýewro deň boldy.
Dürli kompýuter enjamlaryny öndürýän dünýäniň iri kompaniýasy “Intel”-iň 2017-nji ýylyň birinji ýarymyndaky arassa girdejisi 1,71 esse köpelip, 5,772 milliard dollar boldy. Fransiýanyň süýt önümlerini öndürýän, 1919-njy ýylda döredilen “Danone S.A” kompaniýasynyň arassa girdejisiniň 12,2 göterim ýokarlanyp, 1, 049 milliard dollara deň bolandygy mälim edildi.
Hasabat döwründe iň köp girdeji gazanan kompaniýalaryň hatarynda öňdeligi Günorta Koreýanyň “Samsung Electronics” şereketi eýeleýär. Ol şu ýylyň ikinji çärýeginde 9,9 milliard dollar möçberinde rekord derejede girdeji gazandy. Onuň öndürýän mobil telefonlaryna bolan isleg barha artýar. Şeýle hem “S8” hem-de “S8+” smartfonlaryň bazara çykarylmagy kompaniýanyň girdejisini ýokarlandyrdy.