Eýran Yslam Respublikasy 2022-nji ýyla çenli deňiz önümleriniň önümçiligini 1,6 million tonna ýetirmegi meýilleşdirýär. Ýurduň hökümeti bu görkezijini gazanmak üçin öňlerinde täze maksatnamalary goýdy.
Eýranyň Balykçylyk guramasynyň ýolbaşçysy Hasan Salehiniň habar bermegine görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen bilelikde, deňiz önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Degişli döwre çenli işbil dänelerini köpeltmek üçin 10 merkezi döretmek meýilnamalaşdyrylýar.
Geçen ýylyň dowamynda ýurt boýunça 1 million tonnadan gowrak deňiz önümleri öndürildi. Onuň 103 müň tonnasy daşary ýurtlara eksport edilip, 412 million dollar girdeji gazanyldy.
Deňiz önümleriniň 470 müň tonnasy suw howdanlarynda ýetişdirildi, galany bolsa, Hazar deňzi, Pars we Oman aýlagy hem-de beýleki halkara suwlardan tutuldy.
Hasan Salehiniň aýtmagyna görä, Eýranda adam başyna sarp edilýän deňiz önümleriniň möçberi 10,6 kilograma çenli köpeldi. Dünýäniň köp ýurdunda bu görkeziji 20 kilograma deňdir. Ýurduň hökümeti ilatyň deňiz önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak üçin tagalla edýär.