13—15-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde I halkara Ýewraziýa medeniýet festiwaly geçiriler. Oňa gatnaşjak ýurdumyzyň sungat ussatlary 11—17-nji oktýabr aralygynda Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Festiwala gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň arasynda Omar Igamow, Merdankuli Baýramow, Hemra Gaýgysyzow, Söhbet Annamyradow, Allamyrat Muhammetgulyýew, Oraznabat Saparowa, Mähri Ýazmyradowa, Ogulmarat Sähetnyýazowa dagy bar.

Festiwalyň dowam edýän günleri türkmen wekiliýeti festiwala gatnaşýan myhmanlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, şol sanda aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrarlar.