9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän “Çalyk Holding” kompaniýalar topary gurluşyk pudagynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Duşuşygyň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk holdinginiň ýolbaşçysy “Çalyk Holding” üçin Türkmenistanda işlemegiň we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşmagyň uly mertebedigini nygtap, özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri işlenip taýýarlanylan ýörite meýilnama laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda, aýratyn-da, energetika, saglygy goraýyş, dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum üçin döredilen mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça amatly şertleri döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk hyzmatdaşlaryň, aýratyn-da, Ahmet Çalygyň Türkmenistanda saglygy goraýyş, önümçilik we energetika ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşyklaryny amala aşyran kompaniýasynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekdäki uly goşandyny kanagatlanma bilen nygtady.

Işewür daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn maksatnamalaryň, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine “Çalyk Holdingiň” taýýardygyny tassyklady.

“GAP Inşaat” kompaniýasynyň häzirki döwürde Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman merkezleriniň gurluşygyny alyp barýandygyny belläp, Ahmet Çalyk hemme işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetiriljekdigine, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga beriljekdigine ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar taýýarlanylanda, ýurdumyzda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň we täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berilýändigini nygtap, işleriň ýokary derejede, öz wagtynda tamamlanmagy bilen bir hatarda, ekologik kadalaryň hem-de halkara ölçeglere laýyklykda daşky gurşawy goramak babatdaky talaplaryň pugta berjaý edilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny belledi.