Tutuş dünýäde ekologiýa taýdan arassa hasaplanýan ulaglaryň görnüşleriniň sany köpelýär. Bu ugurda dünýäniň iri awtoulag öndüriji kompaniýalary köp işleri alyp barýarlar. 2022-nji ýylda elektrik togy bilen hereketlenýän hem-de gibrid (kiçi görnüşli) ulaglaryň sanynyň 17 milliona ýetmegine garaşylýar. Häzirden dünýä belli kompaniýalar bu ugurdaky önümçiligini ýokarlandyrmak üçin maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga girişdi.
Ýaponiýanyň meşhur “Toyota” awtokonserni täze görnüşli batareýalar bilen hereket edýän elektromobilleri öndürmek üçin taslamanyň üstünde işläp başlady. Onuň satuwy 2022-nji ýylda amala aşyrylar.
“Toyota” kompaniýasynyň elektrik togy bilen işleýän täze ulagynyň batareýasy sanlyja minutda zarýad alar we ýene-de ýoluny dowam etdirer. Häzirki wagtda elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň batareýalary 20-30 minutda zarýad alyp, 300-400 kilometr ýol geçmäge ukyplydyr.
Ýapon kompaniýasy täze taslamasy bilen 2022-nji ýylda awtoulag bazaryna çykmagy maksat edinýär. Kompaniýa 2020-nji ýyldan başlap, ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň köpçülikleýin önümçiligine girişer. Bu işe 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gabatlanyp başlanylar. 1937-nji ýylda döredilen bu kompaniýa dünýä bazaryndaky bäsdeşligi nazarda tutup, oňa häzirden taýýarlyk görýär.
Elektrik energiýasy bilen hereket edýän ulaglaryň önümçiliginde Germaniýanyň dünýä belli BMW kompaniýasy hem bäsdeşlik etmek isleýär. Ol “Mini” kysymly ulagyny öndürer. 2019-njy ýylda Oksford şäherinde ýerleşýän zawodynda elektrik togy bilen işleýän ulaglarynyň ilkinji görnüşleri bazara çykarylar. 2020-nji ýylyň ortalarynda BMW-niň ulaglarynyň 15 ýa-da 25 göterimini elektromobiller düzer.
Germaniýanyň ýene-de bir iri kompaniýalaryndan “Mercedes” hem elektrik togunyň hasabyna işleýän hereketlendirijisi bolan ulaglaryň önümçiligine uly ähmiýet bermäge başlady.
Amerikaly milliarder Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän “Tesla” kompaniýasy “Model-3” kysymly täze elektromobilini awtoulag muşdaklarynyň dykgatyna ýetirdi. Täze ulagyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden işewür Mask 500 ulagy sargyt alandyklaryny we olaryň ilkinji 30-synyň müşderilerine gowşurylandygyny mälim etdi. Bu ulagyň bahasy 35 müň amerikan dollaryna deňdir.
Şol birwagtda Germaniýanyň “Audi” kompaniýasy 2022-nji ýyla çenli çykdajylaryny 12 milliard dollara çenli azaldyp, ony hem elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligi we olary işläp düzmäge sarp etjekdigini mälim etdi. Öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda kompaniýa dünýä bazaryna elektromobillerini çykarmagy meýilleşdirýär. “E-tron” kysymly ulag 2018-nji ýylda Brýusselde müşderilere hödürlener.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Britaniýada 2040-njy ýyldan başlap, dizel ýangyjy we benzin bilen işleýän ulaglary satyn almak mümkinçiligi bolmaz. Sebäbi şol ýyldan başlap, ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerinden peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Geçen ýyl bolsa, Parižiň, Afinynyň hem-de Madridiň merkezi köçelerinde 2025-nji ýyldan başlap, dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň hereket etmegine mümkinçilik berilmejekdigi aýdyldy.
Ýewropanyň esasy ýurtlarynyň kabul eden bu çözgütleri awtokonsernleri ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini has köp öndürmäge itergi berýär.