Şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynda syýasy-jemgyýetçilik çäresi – Prezident saýlawlary geçiriler. Häzirki wagtda ýokary döwlet wezipesi üçin 59 dalaşgärden arza gelip gowuşdy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berýär.
Merkezi Saýlaw toparynyň habar bermegine görä, raýatlaryň 42-si özbaşdak gatnaşmaga isleg bildirýär. Galanlary bolsa, syýasy partiýalar tarapyndan hödürlendi. 2011-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawlaryna 83 dalaşgär gatnaşmak üçin arza beripdi. Ýöne resmi taýdan oňa gatnaşmak üçin 23 dalaşgär hasaba alyndy.
Resmi taýdan hasaba alynmak üçin dalaşgär ilatyň 30 müňünden gol ýygnamaly hem-de Merkezi saýlaw toparynyň hasabyna 15 müň dollar möçberinde saýlaw girewini goýmaly. Şeýle hem döwlet dilinden synagdan geçmeli. Şu ýylyň 31-nji awgustyna çenli dalaşgärleri hödürlemek çäresi dowam eder.
Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident 6 ýyllyk möhlete saýlanýar. Ýurduň häzirki Prezidenti Almazbek Atambaýewiň wezipe möhleti şu ýylyň 1-nji dekabrynda tamamlanýar.