Şweýsariýada dünýäniň iň uzyn asma pyýada köprüsi ulanmaga berildi. Ol ýerden 85 metr belentlikde guruldy. Köpriniň uzynlygy 500 metre barabar bolup, ini 65 santimetre deňdir. Ol ýurduň Wale kantonynda ýerleşýär. Oňa taslamany maliýeleşdiren Çarlz Kuoneniň adyny berdiler. Asma pyýada köprüsi bilen Şermatt şäheriniň Grehen ilatly nokadyna baryp bolýar. Bu ýer Şweýsariýanyň günortasynda Italiýa bilen serhetleşýän böleginde ýerleşýär. Pyýada köprüsi ilkinji myhmanlaryny kabul etdi. Bu köpriniň gurluşygy üçin 750 müň dollar sarp edildi.