Demirgazyk Irlandiýadaky 13 sany erkek hem-de aýal doganyň umumy ýaşy 1073 ýyl bolup, olar dünýäniň iň garry maşgalasy hasap edilýär. Donelliler maşgalasynyň agzalary sagdyn we uzak ýaşamagyň syrlary barada gürrüň berdiler. Bu barada “Daily Mail” gazeti habar berýär.
Olar şu ýyl Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Erkek doganlaryň iň ulusy 93, iň kiçisi bolsa, 72 ýaşynda. Olaryň aýtmagyna görä, kakalaryndan miras galan endigi dowam etdirip, ýatmazdan ozal, ýyly bir zatlar iýýärler.
– Agşam 10-lara golaý, ertir irden sagat 7-de ýene-de şüle ýarmasyny iýýäris. Şüle, süýt we azajyk almadan edilen mürepbe hem diýseň peýdaly – diýip, maşgalanyň iň kiçi erkek dogany Jo gürrüň berýär.
Neşiriň habar bermegine görä, şüle ýarmasy gan basyşyňy peseldýär, holestriniň derejesini azaldýar, ýüregi goraýar hem-de süýjükesele garşy örän peýdalydyr. Donelliler maşgalasynyň agzalary şu wagta çenli diňe tebigy önümler bilen iýmitlenipdirler. Miweleri we bakja önümlerini öz bagynda ýetişdiripdirler, elin ýumurtga iýipdirler. Çöregi hem özleri bişiripdirler.