Günbatar Afrikada ýerleşýän Liberiýa Respublikasynda şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident hem-de parlament saýlawlary geçiriler. Ýurduň iri syýasy-jemgyýetçilik çäresi üçin dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Häzire çenli 20-ä golaý dalaşgär hödürlendi. Olaryň arasynda 1995-nji ýylda “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi, Italiýanyň “Milan” toparynda oýnan futbolçy Jorj Wea hem bar. 50 ýaşyndaky türgen Demokratik özgertmeler koalisiýasyndan dalaşgär görkezildi. Onuň esasy bäsdeşleri senator Prins Jonson hem-de häzirki wise-prezident Jozef Bokaýdyr.
Jorj Wea 2005-nji ýylda-da Prezident saýlawlaryna gatnaşyp, birinji tapgyrda öňe saýlanypdy. Ýöne ikinji tapgyrda ykdysadyýetçi zenan Ellen Jonson Serlifden ýeňlipdi. Dünýä belli futbolçy täzeden saýlawlara gatnaşmaga isleg bildirdi. Ol 1995-1999-njy ýyllarda “Milan” toparynyň düzüminde çykyş edipdi. Şeýle hem ol Fransiýanyň “Monako”, PSŽ we “Marsel”, Angliýanyň “Çelsi” hem-de “Mançester Siti” toparlarynda oýnapdy. Wea Liberiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 60 duşuşykda oýnap, 22 pökgi geçiripdi. “Altyn pökgi” baýragy her ýyl dünýäniň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan ýokary sylagdyr.