Bä­bek­le­riň il­kin­ji ýyl­gyry­şy ata-ene­ler üçin tol­gun­dy­ry­jy pur­sat­la­ryň bi­ri­dir. Ýyl­gyr­mak ka­da­ly ösü­şiň ala­ma­ty bo­lup, kör­pe­ler köp­lenç 3-4 aý­lyk­da ýyl­gy­ryp baş­la­ýar­lar. Bä­be­ji­giň tö­we­re­gin­dä­ki­ler bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­mak hem-de duý­gu­la­ry­ny bil­dir­mek üçin il­kin­ji sy­na­ny­şy­gy ýyl­gyr­mak ar­ka­ly ýü­ze çyk­ýar. Bä­be­jik­ler bir ýa­şa çen­li jy­kyr­dap gül­mek, dür­li ses­le­ri gaý­ta­la­mak ar­ka­ly en­dik­le­ri­ni ös­dü­rip, maş­ga­la­sy­nyň «al­tyn aşy­gy­na» öw­rül­ýär. Ba­be­ji­ge gö­zeg­çi­lik et­mek, olar bi­len oý­na­mak we gür­leş­mek kör­pe­je­le­riň ösü­şi üçin mö­hüm­dir. Ki­çi­jik ça­ga­lar köp­lenç uku­daka ýyl­gyr­ýar­lar. Bu ola­ryň ho­şal­ly­gy­nyň ala­ma­ty bo­lup, hos­sar­la­ry­nyň süý­ji söz­le­ri­ne, eje­si­niň hüw­dü­si­ne jo­gap hök­mün­de ýü­ze çyk­ýar. 2-3 aý­da bä­bek­le­riň kö­pü­si öz­le­ri­ne ideg ed­ýän adam­la­ryň gö­zü­ne se­re­dip baş­la­ýar. Tö­we­re­gin­dä­ki ses­le­re we he­re­ket­le­re üns ber­ýär­ler. Dör­dün­ji aý­da kör­pe­je­ler öw­re­nen ses­le­ri­ni we he­re­ket­le­ri­ni gaý­ta­lap baş­la­ýar­lar. Al­tyn­jy aý­da bä­be­jik­ler jy­kyr­dap gü­lüp, dür­li oýun­la­ry gör­ke­zip, he­zil ed­ýär­ler. Al­tyn­jy aý ça­ga­la­ryň ösü­şi­niň iň esa­sy döw­ri ha­sap­lan­ýar.
Bä­bek­le­ri nä­dip gül­dür­me­li?
Bä­be­ji­gi gül­dür­mek kyn däl. Mu­nuň üçin ola­ryň ha­la­ýan za­dy­ny et­me­li. My­sal üçin, bä­be­ji­giň he­re­ket­le­ri­ni ýa-da il­kin­ji söz­le­ri­ni gaý­ta­la­mak onuň ho­şu­na gidip, özü­ne öý­kü­nil­ýän­di­gi­ni bi­lip, gül­mä­ge baş­la­ýar. Mun­dan baş­ga-da, mä­hir­li söz­le­ri aýt­mak, oýun­la­ry oý­na­mak ýa-da aý­dy­ma hiň­len­mek ar­ka­ly ba­la­jyk­la­ry gül­dü­rip bol­ýar. Bi­ler­men­ler bä­bek­le­re er­te­ki­li ki­tap­la­ry okap ber­me­giň, öw­re­di­ji oýun­la­ry oý­nat­ma­gyň hem-de açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­dir­me­giň örän mö­hüm­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.