16-njy okt­ýabr­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­dan Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Ar­ka­da­gyň sä­he­ri» at­ly hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­la gat­naş­ma­ga ge­len ki­no us­sat­la­ry Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän Ga­dy­my Merw me­de­ni we ta­ry­hy go­rag­ha­na­sy­na bar­dy­lar. Myh­man­la­ra bu ýer­dä­ki Uly gyz­lar ga­la we Ki­çi gyz­lar ga­la ba­ra­da mag­lu­mat­lar be­ril­di.
Soň­ra myh­man­lar ga­dy­my­ýet­de bu ýer­de eme­le ge­len ýa­şa­ýyş şert­ler bi­len ta­nyş­dy­lar we sar­do­ba­la­ra ba­ryp gör­dü­ler. Ga­dy­my Merw be­ýik şah­sy­ýet­le­riň ýa­şap ge­çen top­rak­la­ry ha­sap­lan­ýar. Myh­man­lar Ho­ja Ýu­sup He­me­da­ny­nyň, şeý­le hem sa­ha­ba­la­ryň gu­bur­la­ry­na zy­ýa­rat et­di­ler.
Sol­tan San­ja­ryň maw­zo­le­ýi­niň öňün­de gu­ra­lan ser­gi­de myh­man­lar türk­men mil­li ta­gam­la­ry we ola­ryň taý­ýar­la­ny­şy bi­len ta­nyş­dy­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da piş­me, tam­dyr­la­ma, pa­law ýa­ly ta­gam­lar bar. Esa­sa­nam, çöl şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ýö­ri­te gur­na­lan ýer­de, myh­man­lar göm­me iş­lek­li­niň taý­ýar­la­ny­şy bi­len ta­nyş­dy­lar. Bu ta­gam­dan da­dyp gö­ren myh­man­lar oňa ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
Şeý­le-de, ser­gi­de myh­man­lar türk­men mil­li ly­bas­la­ry, mil­li se­net­çi­lik önüm­le­ri we ola­ryň ýa­sa­ly­şy bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Ser­gi­dä­ki türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň taý­ýar­lan ha­ly önüm­le­ri we ola­ryň şaý-sep­le­ri myh­man­la­ryň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy.
Türk ki­no us­sat­la­ry öz­le­ri­niň ta­ry­hy film­le­ri­niň dü­şü­ri­li­şin­de türk­men mil­li gym­mat­lyk­la­ryn­dan peý­da­lan­ýan­dyk­la­ry we in­di­ki film­le­rin­de ony ha­sam gi­ňelt­jek­dik­le­ri­ni bel­le­di­ler. Soň­ra myh­man­lar Sol­tan San­jar maw­zo­le­ýi we onuň dö­re­ýiş ta­ry­hy bi­len ta­nyş­dy­lar.