17-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgüniň foýesinde Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisiniň açylyş dabarasy bolar.
Şol gün sagat 18:00-da bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar.
18-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Halk senetçiliginiň häzirki zaman ösüşi» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi geçiriler. Şol günüň ikinji ýarymynda «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň kino sungatynyň bilermenleriniň duşuşygy geçiriler.
Şol gün «Aşgabat» kinoteatrynda «Ibn Fadlan» we «Tarlan» atly tatar kinofilmleriniň görkezilişi bolar.
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleine bagyşlanan surat sergisiniň işi dowam eder. Şol gün myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp görerler.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti geçiriler.