Häzirki wagtda el telefonlary, ýankompýuterler, goşar sagatlary we beýleki mobil enjamlar bize dürli hyzmatlar hödürläp, islendik ýerde işlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, olaryň zarýady hem çalt gutarýar. Hünärmenler has uzak ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýanyň üstünde yzygiderli işleýärler.
Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetiniň alymlary smartfonlaryň bir aý işlemegine mümkinçilik berjek mikroçipi işläp taýýarlaýarlar. Ýokary okuw mekdebiniň bu taslamasyna ýurduň hökümeti tarapyndan goldaw berilýär.
Ýurduň tehnologiýa ministri Pol Skulli bu barada beren maglumatynda ýarymgeçirijileri dünýädäki ähmiýetine ýokary baha berdi. Mikroçipiň ökde matematiklerden ybarat topar tarapyndan işlenip taýýarlanýandygy bellenildi. Alymlar energiýa tas zerurlyk duýman işleýän silikon çip prosessoryny işläp taýýarlamagy maksat edinýärler.
Taslama ýolbaşçylyk edýän Sin Redmond bu maksada ýetilen ýagdaýynda, telefonlaryň zarýadynyň bir güne däl, bir aýa ýetjekdigini belledi.
Täze işlenip taýýarlanjak çipiň häzirki iň soňky tehnologiýa bilen öndürilen çiplerden 100 esse kiçi bolmagyna garaşylýar.
Şeýle çipler köp ýyldan bäri lukmançylyk enjamlaryna ulanylýar.
Jahan Ýazgulyýewa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.