Saz bir ýa-da birnäçe sesleriň äheňleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy bilen içki duýgulardyr ideýalary beýan edýän sungatyň bir görnüşidir. Her bir sungatyň öz dili bolýar: suratkeşlik reňkleriň kömegi bilen, edebiýat sözüň üsti bilen, saz bolsa, owazlar arkaly adamlar bilen sözleşýär. Çagalykdan sazlar bilen ulalan adamyň ruhy dünýäsine sazlar çynlakaý täsir edýär. Hatda heniz kiçijik çaga, şadyýan sazlaryň täsiri bilen şatlanyp ugraýar. Sazyň astynda adamyň ähli duýgulary ýüze çykýar.
Saz, edebiýat, şekillendiriş sungaty ýaly, sungatyň dürli görnüşleri bilen berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin suratkeşligi alyp göreliň. Dürli-dürli sungat eserlerini siňe synlanymyzda, biz öz içki dünýämizde, hyýalymyzda haýsy-da bolsa bir saz eserini eşidýän ýaly duýgylary başdan geçirýäris. Bu ýerde biziň görüş ukybymyz saza öwrülýär. Edebiýatda hem şunuň ýaly ýagdaý ýolup, köp sanly goşgulara soňra saz ýazylýar. Şahyrlar we ýazyjylar saz hakyndaky köp sanly edebi eserleri döredipdirler. Bu ýerde biz sazyň sungatyň beýleki görnüşlerine hem öz täsirini ýetirýändigini aýdyň göz ýetirýäris.
Saz durmuşymyzyň bir parçasy bolup, ol ynsanyň duýgydyr, oý-pikirlerini aýdyň ýüze çykarmaga itergi berýär. Saz adamyň içki dünýäsine aralaşýar, kalbyň iň bir inçe syrlaryny bütin aýdyňlygy ýüze çykarýar-da, onuň pikirdir duýgy öwüşginlerini aýan edýär. Durmuş saz döredýär, saz hem öz nobatynda durmuşa täsir edýär. Saz adamyň durmuşa bolan garaýşyny özgerdýär, onuň erk-islegini artdyrýar, onda pähimliligi, asyllylygy, adamkärçiligi, päkligi, ýagşylygy we mähribanlygy terbiýeläp, onuň işjeňligini we gujur-gaýratyny has-da artdyrýar. Ajaýyp saz durmuşy bezeýär, şatlygy we aladalary des-deň paýlaşyp, adamy has gowy, mähirli we açykgöwünli bolmaga çagyrýar.
Saz asyrlaryň paýhasyny we syrlaryny özünde saklaýar. Gyzykly ýeri, şol bir saz eserini her kim özüçe kabul edýär. Biz köplenç özümiz üçin düşnükli we ruhumyza ýakyn bolan saz eserini saýlaýarys. Şeýle hem, käbir sazlar özüne özboluşly düşünmegi talap edýär. Muňa Bethoweniň simfoniýasy ýa-da Mosartyň rekwiýemleri mysal bolup biler.
Saz biziň durmuşymyzyň dürli gurşawlarynda häli-şindi ýaňlanýar. Şonsuz telewideniýa, radio, kino, konsert zallary we beýlekileri göz öňüne getirip hem bilmeris. Biz ony ähli ýerde, şol sanda çagalar baglarynda, mekdeplerde, sport ýaryşlarynda, sirkde, dynç alynýan ýerlerde, seýilgählerde, öýde, awtobusda, otluda we uçarda diňleýäris. Sazy hemişe söýüpdirler, söýýärler we bu mundan beýläk hem şeýle bolar.
Eýsem, sazyň durmuşymyzda näme ähmiýeti bar? Biz dürli-dürli sazlary diňläp, nämeleri duýýarys. Meniň pikirimçe saz dürli owazlaryň giden bir toplumydyr. Ol hakykatdan hem, gözelligiň, hyýallaryň we çuňňur duýgularyň dünýäsidir. Ýöne şol dünýä aralaşmak her kime berilmändir. Diňe duýgurlyk, açykgöwünlilik we mähribanlyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýän adamlar sazlar dünýäsine aralaşyp, oňa dogry-dürs baha berip, düşünip bilýärler. Sazlar dünýäsine aralaşmak – bu özüň üçin ajaýyp bir dünýäni açmakdyr.
Her bir adamyň ýaşaýyş üçin ähli zatlara zerurlygynyň bolşy ýaly saza hem zerurlygy bardyr. Elbetde, saza düşünmek üçin ozaly bilen adama duýgy berilmeli. Hakyky saz döredilende ýürekden çykyp, ol duýgulardan we ruhy joşgunlardan ybaratdyr. Sazyň öwüşginlerini duýman, onuň täsin dünýäsine akyl ýetirmek mümkin däl. Şonuň üçin, saz bilen hemra bolmak isleýän adam, onuň ajaýyp öwüşginlerinden sowa geçmez ýaly, özüniň içki dünýäsinde döreýän duýgurlygyny ösdürmelidir.
Mosartyň, Bethoweniň, Çaýkowskiniň we başga-da birnäçe kompozitorlaryň eserleri hakyky sazyň nusgalarydyr.
Saz dünýäsinde ýaşap, onuň her bir täsinligini duýmak lezzetlidir. Sazyň durmuşymyzdaky ähmiýetine düşünýän ruhy taýdan ýiti, zehinli we paýhasly adam hakykatdan hem bagtlydyr.
Aýtäç Mededowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi.