Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­sin­den ge­lip çyk­ýan aý­dyň mak­sat­la­ra la­ýyk­lyk­da, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­lar bar­ha ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­myz­da äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li me­de­ni gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Goň­şy we dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mek ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, su­ra­ta dü­şü­ri­len mil­li film­le­riň köp­çü­li­ge gör­ke­zil­me­gi­ne, ki­no­fes­ti­wal­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne, türk­men hü­när­men­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal­la­ra gat­naş­mak­la­ry­na hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Oguz­han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de su­ra­ta dü­şü­ril­ýän film­ler hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal­lar­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar.
Ýa­ňy-ýa­kyn­da Tür­ki döw­let­le­riň ki­no sun­ga­ty­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rü­len «Gor­kut ata» hal­ka­ra ki­no­fest­wa­ly Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal 8-11-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ba­ku şä­he­rin­dä­ki «Ni­ýaz­mi» ki­no­te­at­ryn­da ge­çi­ril­di. Oňa Türk­me­nis­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Azer­baý­jan­dan, Tür­ki­ýe­den, Gyr­gy­zys­tan­dan we Rus­si­ýa­dan ge­ti­ri­len çe­per film­le­riň 32-si, şeý­le-de do­ku­men­tal we ani­ma­si­on film­ler hö­dür­len­di.
Hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi, TÜRK­SOÝ, Azer­baý­ja­nyň ki­no agent­li­gi we Ba­ku me­de­ni­ýet mer­ke­zi bi­le­lik­de gu­ra­dy.
Hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal­a ýurdumyzdan gat­na­şan Ah­met Aman­dur­dy­ýew «Gy­zyl al­ma» fil­min­de jan­lan­dy­ran keş­bi üçin «Iň go­wy er­kek keş­bi­ni jan­lan­dy­ran akt­ýor» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy. Fil­miň sýu­že­ti gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da meş­hur bo­lan gy­zyl al­ma­nyň ro­wa­ýa­ty­na esas­lan­ýar. Fil­miň re­žiss­ýo­ry He­kim Alo­wow gah­ry­man­la­ryň üs­ti bi­len türk­men hal­ky­nyň ha­ýyr-sa­ha­wat we sa­hy­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri­ni us­sat­lyk bi­len aç­ma­gy ba­şa­ryp­dyr.
Şeý­le hem Ba­ku­da ge­çi­ri­len «Gor­kut ata» tür­ki dün­ýä­si­niň III hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­lyn­da türk dün­ýä­si­niň ki­no sun­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne goş­ýan go­şant­la­ry üçin ki­no­re­žiss­ýor Ça­ry­ýar Se­ýit­li­ýew «Gor­kut ata» hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly­nyň hor­mat­ly baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy.
Tür­ki döw­let­le­riň ki­no sun­ga­ty­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rü­len «Gor­kut ata» hal­ka­ra ki­no­fest­wa­ly 2024-nji ýyl­da ýur­du­myz­da – Änew şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. Hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly­ny Änew şä­he­rin­de ge­çir­mek ba­ra­da­ky çöz­güt ka­bul edi­len­den soň­ra fes­ti­wa­lyň ny­şa­ny bo­lan «Dur­na» heý­kel­ji­gi Oguz­han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­ne gow­şu­ryl­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, «Gor­kut ata» hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly tür­ki döw­let­le­riň dür­li şä­her­le­rin­de her ýyl ge­çi­ril­ýän fes­ti­wal­dyr. Bu hal­ka­ra fes­ti­wal 2021-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň mak­sa­dy, tür­ki döw­let­le­riň ki­no sun­ga­ty­ny ös­mek­den, şeý­le-de tür­ki halk­la­ryň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
Ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­dä­ki fes­ti­wal­lar, ser­gi­ler, mas­la­hat­lar, kon­sert­ler we beý­le­ki me­de­ni çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ýer ýü­zün­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, halk­la­ryň ara­syn­da ag­zy­bir­li­gi hem-de dost-do­gan­ly­gy ke­ma­la ge­tir­mek­de bu çä­re­le­riň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ry­ny, mil­li sun­ga­ty­ny giň­den wa­gyz et­mek­de, dün­ýä halk­la­ry­ny me­de­ni­ýet­de we sun­gat­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bi­len ta­nyş­dyr­mak­da hal­ka­ra de­re­je­li fes­ti­wal­la­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Ata­ny­ýaz AN­NA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.