20-nji okt­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça XI Türk­men-ger­man fo­ru­my­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­niň, şol san­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bi­len Mak­si­mi­li­an-Lýud­wig adyn­da­ky Mýun­hen uni­wer­si­te­ti­niň Gros­ha­dern kli­ni­ka­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Yla­la­şyk üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň 28-29-njy sent­ýab­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň GFR-e sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da bir­nä­çe iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Hu­su­san-da, de­giş­li tek­lip­ler öňe sür­lüp, şo­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýo­kar­da ady ag­za­lan fo­ru­my şu ýy­lyň de­kabr aýy­nyň bi­rin­ji on­gün­lü­gin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­tan bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz XI Türk­men-ger­man fo­ru­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy.