20-nji okt­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew şu aýyň soň­ky ýek­şen­be­si­ne me­ýil­leş­di­ri­len Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li gu­ral­jak çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de “Ýy­lyň türk­men eder­men ala­ba­ýy” at­ly hal­ka­ra bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ry­ny, ser­gi­dir hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty ge­çir­me­giň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, “Türk­men ala­baý it­le­ri” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň III mej­li­si ge­çi­ri­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da türk­men ala­baý­la­ry­nyň to­hum aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, baş sa­ny­ny art­dyr­mak we şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Şu ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de ýur­du­myz­da Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my­ny bel­läp ge­çe­ris. Şu my­na­sy­bet­li bir­nä­çe çä­re­le­ri ge­çi­re­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu baý­ra­my ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin go­wy taý­ýar­lyk gör­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­tap, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.