Ýurduň Prezidenti Hasan Ruhaniniň resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasy hem iki tapgyrda amala aşyryldy. Ilkibaşda ýurduň dini Lideri Aýatolla Ali Hamaneý saýlawlarda ýeňiş gazanan Hasan Ruhanini täzeden saýlanmagy bilen gutlady. Munuň bilen baglanyşykly geçirilen dabarada Aýatolla Hamaneýiň buýrugy okaldy. Onda şeýle diýilýär: “Eýranyň halkynyň gatnaşmagynda geçirilen saýlawyň netijelerini oňlaýaryn we Hasan Ruhaniniň Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baştutany wezipesine girişmegini tassyklaýaryn”.
Soňra Aýatolla Hamaneý ýurduň hökümetiniň öňünde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrdy. Ol täze hökümetiň, ilki bilen, ýurduň raýatlarynyň asuda durmuşyny üpjün etmelidigini, ikinjiden bolsa, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyklaryny has-da giňeldip, olar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmalydygyny belläp geçdi.
Eýranyň Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasynyň ikinji tapgyry ýurduň mejlisiniň binasynda geçirildi. Bu çärä dünýäniň 8 ýurdunyň döwlet Baştutany we ençeme döwletlerden wekilçilikli toparlar gatnaşdy. Hasan Ruhani ýurduň parlamentiniň binasyndaky dabarada kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Ol bu ýerde eden çykyşynda Eýranyň ykdysadyýetinde oňat üstünlikleriň gazanylandygyny aýdyp, ýöne entegem edilmeli işleriň köpdügini, ozaly bilen, işsizligiň azaldylmagy, tebigaty goramak babatda degişli özgertmeleriň, umuman, ykdysady özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýaly wesipeleriň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.
Bu dabaradan birnäçe gün soňra Eýranyň Baştutany täze hökümetiň düzümini ýurduň parlamentiniň garamagyna hödürledi. Ruhaniniň täze hökümetiniň düzümi şeýle: aňtaw ministri Seýed Mahmud Alawi, içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli, ýol gurluşygy we şäher abadanlaşdyryş ministri Abbas Ahundi, sport we ýaşlar syýasaty ministri Masud Soltanifar, saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ministri Hasan Haşemi, daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalar ministri Mohammad Jawad Azari Jahromi, medeniýet ministri Seýed Abbas Salehi, nebit ministri Bijan Zangane, goranmak ministri Amir Hatami, bilim ministri Mohammad Bathai, senagat, dag magdan we söwda ministri Mohammad Şariat Madari, oba hojalygy ministri Mahmud Hojati, zähmet we durmuş üpjünçiligi ministri Ali Rabii, adalat ministri Seýed Ali Reza Awai, ykdysadyýet we maliýe ministri Masud Karbasian, energetika ministri Habibolla Bitaraf.
Ýurduň parlamenti täze hökümetiň düzümindäki dalaşgärleri öwrenmäge başlar we bir hepdäniň dowamynda onuň düzümini tassyklar.
Hasan Ruhani özüniň ikinji möhleti döwründe birinji wise-prezident wezipesine Ishag Jajangirini belledi. Ol mundan ozal senagat ministri hem-de Isfahan welaýatynyň gubernatory wezipelerinde işläpdi. Şeýle hem ol döwlet baştutanlygy wezipesine dalaşgär hem bolupdy. Ýöne soňra dalaşgärlikden çekilip, Hasan Ruhaniniň dalaşgärligini goldamagy makul bilipdi.
Eýranda saýlawlar 19-njy maýda geçirildi. Şonda häzirki Prezident Hasan Ruhani sesleriň 57 göterimini alyp, täzeden saýlandy. Onuň esasy bäsdeşi ozalky baş prokuror Ibrahim Raisi sesleriň 38 göterimine eýe boldy.