Mälim bolşy ýaly, golaýda Hindistanda Prezident saýlawy geçirilip, onuň netijeleri boýunça Ram Nath Kowind Prezidentlige saýlanypdy we ol resmi taýdan wezipesine girişdi. Şondan soňra ýurduň wise-prezidentini saýlamak işine girişildi. Ýurdy dolandyrýan milli-demokratik alýansyň hödürlän dalaşgäri Wenkiah Naýdu bu wezipä saýlandy. Ol Hindistanyň 15-nji wise-prezidenti boldy.
Saýlaw komitetiniň habar bermegine görä, saýlaw wekilleriniň 785 agzasynyň 771-si ses bermäge gatnaşdy we olaryň ses bermek boýunça paýy 98,21 göterime deň boldy. Ýurduň wise-prezidenti parlamentiň her iki palatasynyň deputatlary tarapyndan saýlanýar. Ilkinji bolup, ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi ses berdi.
Konstitusiýa laýyklykda, wise-prezident parlamentiň ýokary palatasynyň (Rajýa Sabha) başlygy wezipesini hem amala aşyrýar. Ýöne ol şol birwagtda döwletiň ikinji adamydyr. Döwlet Baştutany ýarawsyzlanan ýa-da ýok wagty onuň wezipelerini amala aşyrýar. Ýurduň häzirki wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň wezipe möhleti 10-njy awgustda tamamlandy.
Bu wezipe üçin günbatar Bangalyň ozalky gubernatory, Mahatma Gandiniň agtygy Gopalkrişna Gandi hem-de ýurduň Premýer-ministri Narendra Modiniň hökümetiniň düzümindäki maglumat we şäher abadanlaşdyryş ministri Wenkiah Naýdu dalaş etdi.