Dubaý şäher häkimligi 2030-njy ýyla çenli süýjedilen suwuň sarp edilişini we munuň üçin sarp edilýän energiýany 30% azaldyp, dolulygyna gaýtadan işlenen suw üpjünçiligine geçmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Suwy gaýtadan ulanmak maksatnamasy Birleşen Arap Emirlikleriniň “ýaşyl” ykdysadyýet baradaky pikirini goldaýar.
Häzirki wagtda Dubaýda sarp edilýän suwuň 90%-i gaýtadan ulanylyp, bu ýagdaý ýylda 2 milliarddan gowrak dirhem tygşytlamaga ýardam berýär. Suwy gaýtadan ulanmak möhüm tebigy baýlyklary tygşytlamakdan başga-da, süýjediji abzalar üçin zerur energiýany tygşytlaýar we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaldýar.
Dubaý şäher häkimliginiň baş müdiri Dawud Al-Hajriniň pikiriçe, Dubaý hökümeti geljekki nesiller üçin suw serişdelerini tygşytlamagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny öňden bäri ykrar etdi we suwy gaýtadan işlemekde şäher häkimliginiň ýurdy global “ýaşyl” ykdysadyýet merkezine öwürmek ugrundaky tagallalarynyň esasy bölegine öwürdi.
Dubaýda eýýäm hapa suw arassalanyp, “ýaşyl” ýerleri suwarmak üçin ulanylýar. Ol uzynlygy, takmynan, 2 müň 400 kilometr bolan şäher ulgamy, hemmelere açyk bolan baglary we seýilgähleri, şeýle hem ýaşaýyş ýerlerini öz içine alýar.
Mundan başga-da, gaýtadan işlenen suw merkezleşdirilen sowadyş ulgamlaryndan başlap, ýangyn söndüriş işlerine çenli dürli maksatlarda ulanylýar. 2022-nji ýylda merkezi sowadyjy beketler 6 million kub metrden gowrak gaýtadan işlenen suwdan peýdalanyp, takmynan 7,1 million dirhem tygşytlap, energiýa sarp edilişini we kömürturşy gazyny ep-esli azaltdy. Soňky 50 ýylda Dubaý şäher häkimligi 2030-njy ýyla çenli gaýtadan peýdalanýan suw üpjünçiligi maksatnamasynyň üstünde işleýär.