Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň (ASEAN) döredilenine 50 ýyl boldy. Filippinler Respublikasynyň paýtagty Manila şäherinde bu şanly sene mynasybetli birnäçe forumlar geçirildi. Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýygnagy, bu gurama bilen hyzmatdaşlyk edýän Russiýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň gatnaşmaklarynda ýokary derejedäki ýygnaklar geçirildi.
Guramanyň 50 ýyllygyna bagyşlanan esasy çäre Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrige Duterte, daşary işler ministri, gurama agza ýurtlardan köp sanly wekiliýetler, hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň wekilýetçilikli toparlary gatnaşdy.
Gurama agza ýurtlaryň ýolbaşçylary bilelikdäki jarnamany kabul etdiler. Onda mundan beýläk hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlendi.
ASEAN 1967-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bangkok şäherinde döredilipdi. Ilkibaşda guramanyň düzüminde Railand, Indoneziýa, Singapur, Filippinler we Malaýziýa bardy, soňra olaryň hataryna Bruneý Patyşalygy, Wýetnam, Laos, Mýanma we Kamboja goşuldy.