Saud Arabystany Patyşalygy Gyzyl deňziň kenarynda ägirt uly syýahatçylyk merkezini döretmegi meýilleşdirýär we ony döretmek bilen bu ýere gelýän jahankeşdeleriň sanyny 2 esse artdyrmagy göz öňünde tutýar. Ýurda has köp syýahatçy çekmegi maksat edinýän ýurduň hökümeti bu ugurdaky käbir kanunlary aňsatlaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Gyzyl deňziň kenarynda 34 müň inedördül meýdanda jemi 50 emeli ada dörediler. Şol ýerde daşary ýurtly we ýerli jahankeşdeleriň dynç almagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutular. Bu ägirt uly syýahatçylyk taslamasy üçin Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy 15 milliard saud rialy möçberinde serişde goýberer. Bu ýerde 35 müň adama täze iş orny dörär. Şeýle hem bu taslama 2030-njy ýyla çenli ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ugurda syýahatçylyk pudagy ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Tapgyrma-tapgyr amala aşyryljak taslamanyň birinji çäginde howa menzili, port, myhmanhanalar we ýol-ulag düzümleri gurlar.
Häzirki wagtda Saud Arabystanyna, hususan-da, Mekge şäherine her ýyl haj parzyny ýerine ýetirmek üçin 3,7 million adam gelýär. Ýurda gelýän jahankeşdeleriň sany 18,7 milliona barabardyr we 2027-nji ýyla çenli bu görkezijini 31,5 milliona ýetirmek maksat edinilýär.