1-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Pak Çži­ni ka­bul et­di.

Myh­man ýüz­be-ýüz du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy» 16-njy hyz­mat­daş­lyk fo­ru­my­na gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa Pre­zi­dent Ýun Sok Ýo­luň mä­hir­li sa­la­my­ny, äh­li türk­men hal­ky­na aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şun­da ko­reý ta­ra­py­nyň öza­ra hor­mat goý­mak, oňyn hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan däp bo­lan döw­le­ta­ra dia­lo­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne mä­hir­li sa­la­my­ny aýt­dy hem-de dost­luk­ly ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne, onuň kär­deş­le­ri­ne bu for­mat­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­jek fo­ru­myň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ni ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dür­li ul­gam­la­ry öz içi­ne al­ýan öza­ra bäh­bit­li türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýo­ka­ry ösüş dep­gin­le­ri­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de açyk­lyk, öza­ra yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la goý­lan dia­log döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de Pre­zi­dent Ýun Sok Ýol bi­len bo­lan du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Onuň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de gel­jek­ki ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.
Şeý­le hem bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we dü­züm­le­riň ug­ry bo­ýun­ça üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­dik­le­ri bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk fo­ru­my­nyň işi­niň ne­ti­je­li­di­gi nyg­tal­dy. Bu for­mat­da her ýyl ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da par­la­ment­le­riň ug­ry bo­ýun­ça türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry hem yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Iki ýur­duň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň öza­ra sa­par­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le gat­na­şyk­lar par­la­men­ta­ri­le­riň ara­syn­da ne­ti­je­li tej­ri­be al­şyl­ma­gy­na hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iri ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si in­di köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz we ulag pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li iş alyp bar­ýar­lar. Şun­da ta­rap­la­ryň işe­wür­lik hyz­mat­daş­ly­gy­ny do­wam et­dir­mä­ge öza­ra gy­zyk­lan­ma­la­ry tas­syk­la­nyl­dy.
Şeý­le-de, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myň türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da ko­reý di­li­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça Pa­ty­şa Se­jong adyn­da­ky bi­lim mer­ke­zi­niň üs­tün­lik­li iş­le­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ko­reý di­li Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da hem öw­re­dil­ýär. Şol bir wagt­da, türk­men ýaş­la­ry Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň öň­de­ba­ry­jy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýar­lar.
Dost­luk­ly ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ne­ti­je­li söh­bet­deş­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Aş­ga­bat­da bol­ma­gy­nyň özün­de gal­dy­ran ýa­kym­ly tä­sir­le­ri­ni paý­laş­dy we ak mer­mer­li türk­men paý­tag­ty­na, onuň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik keş­bi­ne, gö­zel­li­gi­ne haý­ran ga­lan­dy­gy­ny aýt­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Pak Çžin ýyl-ýyl­dan tä­ze, anyk ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan dost­luk­ly döw­le­ta­ra dia­lo­gyň gel­jek­de-de ok­gun­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

* * *

Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy» 16-njy hyz­mat­daş­lyk fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin paý­tag­ty­my­za ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mu­rat Nurt­leu­wy, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Bah­ti­ýor Sai­do­wy, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Že­en­bek Ku­lu­ba­ýe­wi we Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Si­ro­jid­din Muh­rid­di­ni ka­bul et­di.
Du­şu­şyk­la­ryň do­wa­myn­da ta­rap­lar dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň berk bin­ýa­dy­na da­ýan­ýan, uzak möh­let­le­ýin iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.