2-nji no­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow şu ýy­lyň 16—18-nji no­ýab­ryn­da Ma­ry şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Hy­ta­ýyň ýaş­la­ry­nyň fo­ru­my­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu çä­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň “Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý” for­ma­tyn­da­ky bi­rin­ji sam­mi­ti­niň bar­şyn­da öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy, de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan bu fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek üçin ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Oňa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li ul­gam­la­ryn­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­riň, ta­lyp we meý­le­tin­çi ýaş­la­ryň, şeý­le hem HHR-iň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň ýaş we­kil­le­ri­niň gat­naş­mak­la­ry­na ga­ra­şyl­ýar.
Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze maz­mun­ly for­ma­ty­ny ýo­la goý­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şa­wyň dur­nuk­ly­ly­gy, bi­lim, ylym, in­no­wa­si­ýa­lar, me­de­ni­ýet, sun­gat ýa­ly ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zi­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, pa­ra­hat­çy­ly­gy we dost­lu­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň top­lan baý tej­ri­be­si öw­re­ni­ler, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mek­de ýaş­la­ryň or­ny bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Hy­ta­ýyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň, sun­gat us­sat­la­ry­nyň fes­ti­wa­ly­ny gu­ra­mak hem me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz ýur­du­myz­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, Ma­ry şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Hy­ta­ýyň ýaş­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ral­jak «Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze eý­ýa­my» at­ly fo­ru­myň hem ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu fo­ru­myň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň anyk ýol­la­ry­ny kes­git­le­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na berk ynam bil­di­rip, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.