2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi “NFC” we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär. «Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.