Hä­zi­re çen­li ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da Ýer­den baş­ga pla­ne­ta­da ýa-da baş­ga bir as­man ji­si­min­de ýa­şaý­şyň bar­dy­gy ba­ra­da su­but­na­ma ta­pyl­ma­dy. Şeý­le bo­lan­soň, Ýer üs­tün­de ýa­şa­ýyş bo­lan ýe­ke-täk pla­ne­ta ha­sap­lan­ýar. Bu bol­sa as­lyn­da Ýe­riň hem as­man ji­si­mi­di­gi­ni aň­lad­ýar. Pla­ne­ta­myz­da ýa­şaý­şyň bol­ma­gy üçin ýö­ri­te at­mos­fe­ra gat­la­gy bo­lup, bu gat­lak Ýe­ri kos­mos gi­ňiş­li­gin­de ga­ýyp ýö­ren ulu­ly-ki­çi­li daş­lar­dan go­ra­ýar. Ýer ýü­zün­de 100 ki­lo­metr çe­me­si be­ýik­lik­de baş­la­ýan at­mos­fe­ra haý­sy­dyr bir ji­sim ge­lip uran­da, kis­lo­rod bi­len gal­ta­şyp, ýa­nyp baş­la­ýar we pyt­ra­ýar. Ýe­riň ýü­zü­ne çen­li ge­lip ýet­ýän­çä bol­sa, ýa­nyp, bu­ga­ryp ýok bol­ýar. Bu bol­sa, äh­li jan­ly-jan­dar­la­ry, ösüm­lik­le­ri, umu­man Ýer­dä­ki ýa­şaý­şy go­ra­ýar. Şeý­le-de bol­sa, seý­rek ýag­daý­da Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na gi­ren daş­lar do­lu­ly­gy­na ýa­nyp gu­tar­man, onuň bö­lek­le­ri ýe­re ge­lip ýet­ýär. At­mos­fe­ra gi­ren­den soň­ra ýa­nyp, ýok bol­ýan da­şa me­te­or, ýe­re ge­lip ýet­ýän­le­re me­teo­rit di­ýil­ýär. Kos­mos gi­ňiş­li­gin­de ga­ýyp ýö­ren has uly daş­la­ra bol­sa as­te­ro­id di­ýil­ýär. Dün­ýä­de hä­zi­re çen­li on­lar­ça me­teo­rit ga­çyp, ola­ryň kä­bi­ri mu­zeý­ler­de ýa-da baş­ga bir ýa­pyk bi­na­da sak­lan­ýan bol­sa, kä­si ga­çan ýe­rin­de dur. Ýe­re ga­çan iň uly me­teo­rit Na­mi­bi­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Hrut­fon­teýn et­ra­by­nyň go­la­ýyn­da­ky Ho­ba di­ýen ýer­dä­ki äpet daş ha­sap­lan­ýar. Bu as­man ji­si­mi hä­zir­ki wag­ta çen­li abat ýag­daý­da sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ýer ýü­zün­dä­ki iň uly bi­te­wi as­man ji­si­mi ha­sap­lan­ýan Ho­ba me­teo­ri­di­ni gör­mä­ge bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar hem az däl. Bu daş has ir­ki dö­wür­ler­de Ýe­re ga­çyp­dyr. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da as­man ji­si­mi­niň 80 müň ýyl ozal Ýe­re ga­çan­dy­gy anyk­lan­dy. 1920-nji ýyl­lar­da bir daý­han ýe­ri­ni sür­ýän wag­ty bu äpet da­şyň üs­tün­den ba­ryp­dyr. Oňa ýer­li dil­de «ho­pa», ýag­ny «men tap­dym» di­ýen at go­ýul­ýar. Ne­mes alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­la­gyn­da onuň as­man ji­si­mi­di­gi anyk­lan­ýar. Şon­dan soň­ra ol go­rag as­ty­na alyn­ýar. Em­ma ag­ra­my 60 ton­na go­laý bo­lan da­şy ýe­rin­den goz­ga­mak ba­şart­ma­ýar. Şol se­bäp­li onuň ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ry­lyp, sy­ýa­hat­çy­la­ryň ge­lip gör­mek­le­ri üçin şert dö­re­dil­ýär. As­man ji­si­mi­niň ýa­nyn­da goý­lan mag­lu­mat tag­ta­jy­gyn­da onuň dü­zü­mi­niň 82,4 gö­te­ri­mi­niň de­mir, 16,4 gö­te­ri­mi­niň ni­kel, 0,76 gö­te­ri­mi­niň ko­balt ele­men­tin­den eme­le ge­len­di­gi ýa­zy­lyp­dyr. Şeý­le hem da­şyň dü­zü­min­de az muk­dar­da ug­le­rod, kü­kürt, hrom, sink, gal­liý, ger­ma­niý we iri­diý ele­ment­le­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Dia­met­ri 3 metr tö­we­re­gi bo­lan ýa­sy da­şyň ga­lyň­ly­gy 1 metre barabar. Bi­ler­men­ler da­şyň Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na ke­se­li­gi­ne – su­wuň ýü­zün­de bök­ýän daş­lar ýa­ly bo­lup gi­ren­di­gi se­bäp­li ýan­man­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 1998-nji ýy­lyň 20-nji iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň Kö­ne­ür­genç şäherinden 7 kilometr günorta tarapa daş gaç­dy. Meteoritiň gaçan ýerinde diametri 6 metr çuňlukda, 3,5 metre barabar çukur emele geldi. Bu Türkmenistana gaçan meteoritleriň iň ulusy bolup, şol wagtky agramy 1 tonnadan gowrakdy. Daşyň 820 kilograma barabar bolan iň uly bölegi hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­de sak­lan­ýar.